Uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň birine öwrülen Belarus Respublikasynyň «Belawiýa» awiakompaniýasy iki döwletiň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň ýygylygyny has artdyrmak maksady bilen, goşmaça gatnawlary ýola goýar.
Belarus metbugatynda awiakompaniýanyň şu ýylyň 12-nji awgustyndan 2-nji sentýabryna çenli aralykda Minsk ― Türkmenbaşy aralygyndaky ýolagçy gatnawlaryny hepdede iki gezege çykarjakdygy habar berildi. Şol günlerde bu iki şäheri birleşdirjek howa gatnawlary her hepdäniň duşenbe we sişenbe günlerinde amala aşyrylar. Has takygy, Belarus Respublikasynyň paýtagtyndan ýerli wagt bilen 19:40-da göge göterilen uçar Türkmenistanyň deňiz ýakasyndaky şäherine gije sagat 01:50-de gonar. Göni bir sagatdan ― 02:50-de Türkmenbaşy şäherinden ýola düşjek uçar Minsk şäherine daňdan sagat 05:10-da dolanyp barar.
Ýokardaky sagatlaryň ählisi uçaryň uçýan we gonýan şäherleriniň ýerli wagty bilen görkezilendir.
Käbir çeşmelerde «Belawiýanyň» hepdede iki gezeklik gatnawlary 17-nji sentýabra çenli dowam etdirip biljekdigi aýdylýar.