13-14-nji maý aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalowyň Balkan welaýatyndaky iş sapary

Saparyň dowamynda Gismat Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş zawodyna baryp gördi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki perspektiwalary barada ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenbaşy portunyň iki ýurduň arasyndaky deňiz pudagynyň tutýan ornunyň ähmiýeti we Kaspi halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň ähmiýeti barada bellenip geçildi

Bulardan başga-da, saparyň dowamynda Gismat Gozalow Balkan welaýatynda ýaşaýan Azerbaýjan raýatlary we watandaşlary bilen duşuşdy. Duşuşykda Ilçi Azerbaýjan döwletiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna berýän ähmiýeti we aladasy barada söhbet etdi, Azerbaýjan watandaşlarynyň tekliplerini, haýyşlaryny diňledi we özara pikir alyşdy.