Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde penşenbe güni Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen “Russia Halal EXPO” sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde geçirilen sergä Russiýanyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, şol sanda azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany iri rus kompaniýalarynyň bu ýerde görkezilen özboluşly taslamalary, döwrebap tehnologiýalary, senagat, raýat, ýol, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, ýolgurluşyk tehnikalary bilen tanyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň pawilýonynda ýurduň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň hem-de nebitgaz, himiýa senagatynyň, ýeňil senagatyň dürli görnüşli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleri, ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň taslamalary, ýurduň azyk senagatynyň harytlary görkezilýär. Sergi dokma we gön önümçiliginde, halk senetçiliginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilýän türkmen el halysy Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berildi. Hormatly myhmanlara bolsa haly torbalary sowgat hökmünde gowşuryldy.
“Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalary sergisiniň çäklerinde duşuşyklar guraldy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Kazanda geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýyllyk mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürülmegi meýilleşdirilýän “Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny” işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi.