6 aýda Türkmenistanda 454,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Türkmenistanyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisinde çykyşynda belledi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.
Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür diýip, Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.