Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň we pensiýanyň möçberi bellenildi

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1410 manat möçberde bellenildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, ýanwar aýyndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10% ýokarlandyrmak bellenildi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

  1. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2280 manat möçberde;
  2. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 665 manat möçberde;
  3. pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 550 manat möçberde;
  4. döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 520 manat möçberde bellemeli.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberi tassyklanylar.
Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmek bellenildi.