2022-nji 14-nji aprelinde Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine toý saparynyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalyna baryp gördi. Ol ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory garşy alyp portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gümrük we serhet gulluklarynyň alyp barýan işleri bilen hem tanyşdy.
Soňra, Döwlet Baştutanymyz ýük terminallarynyň işi bilen tanyşdy. Ürgün ýükleriň daşalmagyna islegleriň artýandygyny hasaba almak bilen, ürgün ýükler terminalyndan geçen ýylda 2 million 800 müň tonna önüm ugradylyp, munuň özi terminalyň kuwwatynyň 94 göteriminiň herekete getirilendigini hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki sygymlylygy 35 müň tonna deň bolan ammarlary hem gözden geçirdi, olar galla önümlerini saklamaga niýetlenip, ýylda oba hojalyk önümleriniň ortaça 2-3 million tonnasyny saklamaga hem-de ugratmaga ukyplydyr.
Umumy ýükler terminalynda şu ýylyň birinji çärýeginde 221 müň tonna ýük işlenilip, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 140 göterim ýokarydygyny hasabat berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy. Bu ýerde, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýändigi hasabat berildi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz zawodyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdyryldy.