Türkmenistanda täze lukmançylyk merkezleri açylar

9 – 12-nji oktýabrda Türkmenistanda birnäçe lukmançylyk merkezleri, kärhana hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalary açylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Anna güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewanyň beren hasabatyna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary guralar. 

Wise-premýer ýakyn günlerde “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak meýilleşdirilýär.

Baýramgül Orazdurdyýewa şeýle hem 2024 – 2028-nji ýyllarda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň, immuno-öňüni alyş boýunça milli maksatnamalaryň, sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň Milli strategiýasynyň hem-de dürli welaýatlarda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilim we sport ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.  

Nobatdaky Hökümet mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.