Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ulag, energiýa, medeniýet we sport ýaly köp ugurlary öz içine alýan memorandumlara we şertnamalara gol çekildi.
Olaryň içinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň oňaýly ösüşini göz öňünde tutup,deňiz ulaglary arkaly ýük daşamalaryň ösüşine we bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet bermek bilen birnäçe resminamalara hem gol çekildi.
Muňa laýyklykda şertnamalar, iki ýurt doganlyk port gatnaşyklaryny deňizde halkara ýük daşamak işini utgaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply ýük daşamalary gurnamak üçin ýardam bermek, taraplaryň döwletlerinden geçýän ulag geçelgeleri boýunça ýük akymlaryny artdyrmaga ýardam bermek, deňizde gämi gatnawy we ulag geçelgelerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.
Resminamalara gol çekilmegi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup, iki ýurduň söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar, hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özarabähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyklarynyň subutnamasydyr.