Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşigi (UND) bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde, Türkmenistan we Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlaryny azaltmagy maslahatlaşdylar. Bu barada business.com.tm neşiri habar berýär.
Bu meselä Halkara ýolçular federasiýasynyň (IRF) 15-18-nji oktýabrda Türkiýede geçen Bütindünýä kongresiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşiginiň (UND) wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň dowamynda garaldy.
Ýokary derejeli türkmen we türk wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Hytaýy Ýewropa bilen özara baglanyşdyrýan Orta geçelge boýunça halkara ýük daşamalara Türkmenistanyň işjeň gatnaşmak meseleleri maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, geňeşmeleriň dowamynda gümrük resminamalary babatda bilelikdäki çäreler, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna saparlary guramak, türki döwletleriň arasynda 2024-nji ýylda elektron geçiriş resminamalaryny ornaşdyrmak hakynda ylalaşyklar gazanyldy.