Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. BMG agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň goldawy bilen 2024-nji ýylyň martynda döredilen “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.
Habarda mälim edilşine görä, degişli mejlisiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän BMG-niň “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasyna laýyklykda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasynyň deslapky taslamasy, şol sanda halkara we sebit başlangyçlary işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, ynanyşmak we açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar, bu bolsa, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini ileri tutup hyzmatdaşlyk etmekde möhüm ähmiýete eýedir.