Türkmenistan we Gyrgyzystan ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň direktory Mämmethan Çakyýew we Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň  başlygynyň orunbasary,suw we oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ulgamynyň ministri Bakyt Torabaýew wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdiler.

Duşuşygyň barşynda Hazar  deňziniň mümkinçiliklerini ulanmak bilen döwletleriň arasyndaky ýük gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebitdäki portlaryň üstünden  ýük gatnawlarynyň dogry ýola goýulmagynyň diňe bir sebitde däl, eýsem halkara derejesinde hem söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berjekdigine uly ynam bildirdiler.

Türkmen we gyrgyz taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde multimodal  ýük daşamalary ýola goýmak barada pikir alyşdylar. Häzirki wagtda  “Gündogar-Demirgazyk” ýollary arkaly geçýän ýükleri Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan ugry boýunça ýurtlaryň üstünden geçirmek baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugur boýunça  Azerbaýjanyň Alat portunyň geçelgesinden peýdalanmak arkaly, Ýewropa bazarlaryna ýol açyp boljakdygyny bellemek möhümdir.

Taraplar Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli bolan we Merkezi Aziýadan ýükleri Ýewropa bazarlaryna eksport etmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Hazar deňziniň üsti bilen gatnawyň mukdaryny ýokarlandyrmagyň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler.

Bu gepleşik iki tarapyň hem logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň  Orta Aziýada ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda we Ýewropa bazarlary bilen aragatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine uly ynam bildirýändiklerini aýtmak bilen jemlendi.