Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Indi her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni toý-dabara bilen uludan bellenilýär.
Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýermek arkaly, sebit we dünýä ýurtlary bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde energetika, ulag-aragatnaşyk, suw, ekologiýa, ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl ykdysadyýet” we medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty we diplomatiýasy uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde amatly ýagdaýlary döretmäge gönükdirilendir. Bitaraplyk 29 ýylyň dowamynda halk durmuş keşbine, milli aňyýetiň özüne öwrüldi.
Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkar guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi.