2023-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda türkmen-rus işewürleriniň maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Asgabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy jenap Mihail Mişustiniň baştutanlygynda 200-den gowrak wekilleriň, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýurdumyza sapary amala aşyryldy.

Saparyň çäklerinde 19-20-nji ýanwarda Türkmenistanyň  söwda-senagat edarasynda türkmen-rus işewürleriniň maslahaty geçirildi. Bu işewürler maslahatyna dürli pudaklaryň wekilleri gatnaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek babatda meseleler boýunça gepleşikler geçirildi. Işewür maslahatynyň dowamynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça tegelek stol geçirilip, onuň dowamynda deňiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hem meseleriň üstünde durlup geçildi hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçilikleri, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesinde portuň eýeleýän orny barada çykyşlar edildi.

Şeýle-de, işewür maslahatynyň barşynda rus tarapynyň işewür taraplary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirilip, deňiz ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi