Awazada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy bilen Hindistanyň Ilçisiniň duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy bilen Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şol sanda gämi gurluşygy, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesiniň çäklerinde ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämileri bilelikde Türkmenistanda gurmak teklibini aýdyp, hindi kompaniýalaryny ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Şeýle-de duşuşygyň ahyrynda Döwlet gullugyň başlygy Ilçini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri bilen ýerine tanyşmaga çagyrdy.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda deňiz ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga, özara tejribe alyşmaga hem-de gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilendir.