2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň «Beýik Ýüpek ýoly» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly açylmagy mynasybetli hoşallyk ýygnagy geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärmenleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Hoşallyk ýygnagynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda ak pata berlen «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýurdumyzyň deňiz flotunyň kuwwatyny artdyrmakda taryhy ähmiýete eýedigini nygtadylar. Çykyşlarda täze gäminiň ýolunyň şowly, gadamlarynyň batly bolmagy arzuw edilip, döwlet Baştutanymyzyň deňiz we derýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän taryhy işlerine ýokary baha berildi.
Dabara gatnaşyjylar halkara ähmiýetli işleri we pudagyň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli berkitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýüreklerinden çykan çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine bitirilýän beýik işleriň dowamat-dowam bolmagyny diläp, Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.