Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Ursula fon der Lýaýeniň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda Ýewropa Komissiýasy global infrastrukturasy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň çäginde iki sany uly taslamanyň başlandygyny yglan etdi.
Birinji taslama, Hindistan – Ýakyn Gündogar – Ýewropa ykdysady ulag geçelgesi bolup, bu üç sebiti häzirkizaman aragatnaşyk infrastrukturasy bilen birleşdirer. Bu bolsa, ykdysady gatnaşyklary gowulandyrmaga ýardam edip, harytlara, energiýa şeýle hem maglumatlara has gowy elýeterliligi bilen üpjün eder. Demirýol we port birikmeleriniň bu taslama degişli bolmagy harytlaryň tiz wagtda üstaşyr geçmegine we ýaşyl wodorody öz içine almagy bilen energiýa infrastukturasynyň ösmegine, şeýle hem täze suwasty kabel arkaly telekommunikasiýany gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Ikinji taslama bolsa öz gezeginde, Afrika ulag geçelgesi bolup, Kongo Demokratik Respublikasynda we Zambiýada ulag aragatnaşygy gowulandyrmagyna goşant goşar.