2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy hökmünde garalýandygyny bellemek gerek.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Şu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.
Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.
Merkezi Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir. Özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälimdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip girizildi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendir. Biz bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: «Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!» diýip arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi hem-de el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.