2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna bardy. Saparyň dowamynda Baş direktor “Balkan” zawodynyň alyp barýan işleri bilen ýerinde tanyşdy. Bu ýerde gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýär.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda abatlanýan gämileriň tehniki resminamalaryna şeýle hem, abatlanyş proseslerine syn etdi. Şu ýylyň dowamynda zawodda 13 sany gämi abatlanyp, häzirki wagtda 5 sany gämi abatlanýar, olardan 2 sany gämi milli söwda flotumyza, 2 sany gämi daşary ýurt kompaniýalaryna we 1 sany gämi «Derýaýollary» PJ degişlidir.
Baş direktor täze guruljak gämileriň gurluşyk döwründe haýsy sehlerde ýerine ýetiriljegi, bu babatda zawodyň taýýarlygy, iş meýilnamalaryny (grafigi), gurluşyk döwründe açylmagy meýilleşdirilýän täze iş orunlary bilen tanyşdy.
Şeýle hem, Baş direktor Türkmenbaşy halkara deňiz portuna hem aýlandy. Ol ýerde harytlary saklamak üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge doly mümkinçilik berýän iri ýükleme-düşürme terminallary, şeýle hem, olarda ornaşdyrylan “Liebherr” kompaniýasynyň kuwwatly tehnikalary bilen ýerine tanyşdy. Türkmenbaşy porty dürli hilli ýükleri daşamaga kämilleşmäge çalşyp, häzirki wagtda karbamid, demir konstruksiýalary, gurluşyk materiallary, bugdaý, pagta önümleri ýaly ýükleri import we eksport edýär. Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýol bilen birleşdirýän “deňiz derwezesi” bolup, ol öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkez hökmünde hyzmat edýär. Türkmenbaşy portunda Özbegistandan Azerbaýjana üstaşyr ýükleriniň geçirilmegi muňa şaýatlyk edýär.