Paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Diýarymyzda sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de demir ýollaryň, täze köprüleriň, Halkara howa menzilleriniň, “Orta Aziýanyň deňiz derwezesi” diýlip atlandyrylýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy ulag diplomatiýasynyň barha uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Bu döredilen mümkinçilikler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, müňlerçe iş ornunyň döredilmegine, türkmen topragynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara amatly ýagdaýda eksport edilmegine ýardam berýär diýip, çykyş eden nygtady hem-de ýaşlaryň saýlap alan hünärlerinde yhlasly zähmet çekmek bilen, özlerine bildirilen ynamy ödejekdiklerine ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň strategik öňdengörüjiligi we döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary netijesinde ulag ulgamynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Şunuň bilen baglylykda, Y.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň BMG tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolandygyny nygtady. Ulag ulgamynyň işgärleri bu taryhy waka tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip, çykyş eden belledi.
Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň işgärleri döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagyny, ulag düzümleriniň we üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagyny doly goldaýarlar, pudagyň ösdürilmegi barada uly alada edýändigi, işlemäge we dynç almaga oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirýärler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.
Milli Mejlisiň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak baradaky Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny okady.
Resminama laýyklykda, milli garaşsyzlygyň esaslaryny berkitmekde, ýurduň Bitaraplygy ýörelgelerinde, döwletiň depginli ösüşinde we güýçlenmeginde şeýle-de halkara abraýynyň artmagynda bitiren aýratyn işleri, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk dabarasyny bellemek babatynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy.