Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar. Myhmanlar portuň meýdanynda uly gabaraly ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen ýük göteriji tehniklarynyň işleýşine syn etdiler. Soňra myhmanlara deňiz portuň terminallaryň çäklerindäki açyk we ýapyk ammarlary hem-de gümrük ammarynyň hyzmatlary barada, ýagny deňiz portunyň gümrük ammarynda ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny tölemezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýändigi barada tanyşdyryldy. Mundan başga-da myhmanlar port tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň nyrhlary we sarp edilýän wagt barada gyzyklanma bildirdiler.

Soňra myhmanlar “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, zawodyň gämi abatlaýyş prosesine syn etdiler. Myhmanlar zawodyň ähli sehlerine aýlanyp, gämi gurluşyk boýunça taslamalary barada pikir alyşyp, gelejekde myhmanlaryň hem gämi gurdurmak mümkinçiligiň bardygy barada belläp geçdiler. Olar zawodyň ähli tehniklaryny öwrenip, bu ýerde häzirkizaman, kuwwatly tehnikalaryň ulanylýandygyny bellediler.

Saparyň ahyrynda myhmanlar Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň infrastrukturasyna ýokary baha berdiler we türkmen tarapyna gyzgyn garşy alanlary üçin hoşallyk bildiler.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi