«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri «Türkmenistanyň maliýe we bank ulgamy» atly okuw maslahatyny geçirdiler

Talyplaryň bilim derejesini artdyrmakda okuw maslahatlaryň geçirilmegi möhüm orny eýeleýär. Bu babatda, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçiik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna Türkmenistanyň maliýe we bank ulgamyna bagyşlanan okuw mslahaty gurnaldy.

Okuw maslahatynyň dowamynda talyplara ýurdumyzyň maliýe we bank ulgamynyň ýörelgelerini has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik döredi. Bu geçirilen okuw maslahatynyň esasynda, banklaryň işleýşi, maliýe akymlarynyň dolandyrylyşy we maliýe guramalarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň ähmiýeti barada tälimler berildi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri talyplara maliýe syýasatynyň we Türkmenistanyň bank pudagy barada möhüm maglumatlary berdiler. Olar Maliýe amallaryny kadalaşdyrmak, müşderileriň bähbitlerini goramak we maliýe ulgamynyň durnuklylygyny saklamak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri gözden geçirdiler.

Şeýle hem, bu okuw maslahatynyň dowamynda talyplar bilen  hünärmenleriň arasynda pikir we sorag-jogap alyşdylar. Talyplaryň bilim derejesiniň ösmegine goşant goşýan maliýe we bank işi bilen baglanyşykly möhüm mowzuklary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilikleri boldy.

Geçirilýän okuw maslahatlar talyplaryň öz ugurlaryny özleşdirmek üçin amaly bilim almaga we ýurdumyzyň ykdysady ulgamyna has oňyn düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu alnyp barylýan işler gelejekki hünärmenlere maliýe ulgamyny özleşdirmäge we Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga kömek edýär.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi