2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher polisiýa bölüminiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Halal zähmet – bagtyýar durmuşyň kepili” atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda Tertip-düzgün, ýol-ulag kadalaryny berjaý etmek, neşe we seri beýhuş ediji serişdeleri ulanmakdan gaça durmak, halal zähmet çekip, maşgala, il-ýurda wepaly raýatlar bolup, bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşamalydyklary barada nygtap geçildi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher polisiýa bölüminiň işgärleri Arkadagymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredýändigi kanagatlanma bilen bellediler. Munuň bilen birlikde, ýüze çykýan käbir nogsanlyklaryň, parahorlugyň we korrupsiýanyň günübirin öňüni almagyň zerurdygy nygtadylar. Şeýle-de, halal ýaşap, halal gazanç etmek arkaly durmuşy özgertmek, zähmet çekip baýlyga eýe bolmak we başga-da köp sanly nesihatlar wagyz edildi.
Ýygnaga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, ýygnagy jemlediler.