Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan häzirki zaman hyzmatdaşlyk ulgamynyň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Türkmenistan hem Merkezi Aziýanyň we Yewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle mümkinçiliklere eýe bolan “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” Hazar deňziniň kenarynda ýerleşip zawodda birnäçe ýaşlarymyz, hünärmenlerimiz zähmet çekýärler. Olar gämi gurluşygyny hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Elbet-de, gämi gurluşygyny maksadalaýyk alyp barmak üçin daşary ýurtlaryň gämi gurluşyk zawodlary, assosiasiýalary we kompaniýalary bilen alnyp barylýan işler, meýilleşdirilýän taslamalar dogrusynda durup geçmezlik mümkin däl.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” bilen “Korýo Shipbuilding Industry Teshnologyu Go.Ltd” kompaniýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy türkmen gämi gurluşygynyň ösüşinde täze tapgyra öwrüldi. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” gämileri abatlamak we gurmak boýunça hyzmatlaryny gün-günden kämilleşdirýär.”Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” bilen “Korýo Shipbuilding Industry Teshnologyu Go.Ltd” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen şertnamanyň çäklerinde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda” ýakyn wagtda gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylar. Berilen taslama resminamalary zawodyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldip, ýylda 4 gämi gurmagyň deregine 5 gämi gurmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem Türkmenistanda gämi gurluşygynyň täze standartlaryny kesgitleýär. Bu maksatlara ýetmek üçin zawod işjeň enjamlaşdyrylýar, täze enjamlar satyn alynýar, önümçilik prosesleri kämileşdirilýär. Koreýa tehnologiýalaryň tagallalary we türkmen hünärmenleriniň çeken zähmeti netijesinde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” täze derejä çykýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty güýçlenýär, gämileriň hili ýokarlanýar we önümleriň görnüşleri giňelýär. Nesip bolsa, zawod diňe bir gämä bolan islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksport üçin täze mümkinçiliklere hem ýol açar.
Şeýle hem “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” “Damen Shipýards Group”kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi asatynda “Damen SGD 650” kysymly deňziň düýbüni çüňladyjy gämisini ýygnap başlamagy,Türkmenistanda gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde täze tapgyr bolar. “Damen SGD 650” kysymly deňziň düýbüni çüňladyjy gämisini ýygnamak Söwda gurluşyk “Maslahat” hojalyk jemgyýetiniň sargydy bilen amala aşyrylýar. “Damen Shipýards Group” kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda deňziň düýbüni çuňlaşdyryjy gämisine Türkmenistanda uly isleg bolup, olar deňziň düýbüni çuňlaşdyryş işlerinde gum we çagyl çykarmak üçin ulanylar. Bu taslama taýýarlyk görmek üçin “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň” wekili iş saparyň çäklerinde we deňziň düýbüni çuňladyş işlerinde we deňziň düýbüni çyňlagyjy gämini gurmak boýunça Niderlandlar Patyşalygynyň Nijerkek şäherinde “Damen Shipýards Group” kompaniýasynyň hem-de dünýä Lideri bolan “Roýal IHC” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.Şol ýerde deňziň düýbüni çuňladyjy gämisiniň synag işlerine gatnaşdy, tehniki häsiýetleri we işiň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Duşuşyklaryň, geçirilen ýygnaklaryň esasy maksady Türkmenistanda “Damen Shipyards Group” kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi asatynda deňziň düýbüni çuňlaşdyryjy gämisiniň gurluşygyny bilelikde alyp barmak, ýagny lokalizasiýa döretmek hem-de Türkmenistanyň çäginde deňziň düýbüni çuňladyjy gämisini bilelikde gurmak “Roýal IHC” kompaniýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada taslamany durmuşa geçirmäge ylalaşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kompaniýanyň 90-dan gowrak deňziň düýbüni çuňlaşdyryjy gämisi ulanylýar.
Mälim bolşy ýaly, “Korýo Shipbuilding Industry Teshnologyu Go.Ltd” kompaniýasy bilen bilelikde guruljak göterjilik ukyby 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileri üçin Halkara deňiz guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde “IMO Resolution A.1078 “ (28) rezolýusiýasyna laýyklykda IMO belgileri alyndy. Bu wakalar türkmen gämi gurluşygyň ösüşinde täze döwri alamatlandyrýar. Balkan zawody bäsdeşlige ukyplylygyny we täze ösüşlere taýýynlygyny görkezip, halkara derejesinde ykrar edilmegine tarap ynamly öňe barýar.
Gurbanbagt Hajymämmedowa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni tel 865-54-60-55