Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde alyp barýan bedew batly ösüşleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmenistanda ulag toplumynyň, onuň ähli pudaklarynyň okgunly ösmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenmistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzümine girýän “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi milli ykdysadyýetiň esaslaryny emele getirýän wajyp pudaklaryň hataryna degişlidir. 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agentligiň ulag ulgamyny ösdürmekde ýeten sepgitleri hem munuň mysalydyr.
2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ulag üpjünçilik ulgamlarynda iri merkezleriň biri bolan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portynda hereket edýän nyrhnamalara gaýtadan seredilip, onda ýeňillikli bahalaryň göz öňünde tutulmagy, üştaşyr ýükleriň möçberiniň we görnüşleriň artmagyna oňyn täsirini ýetirdi.
Halkara deňiz guramasynyň halkara deňiz gatnawlaryny ýeňilleşdirmek barada Konwensiýasyna (FAL konwensiýasy) ýurdumyzyň goşulmagy boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde, konwensiýanyň talaplaryny içgin öwrenmek we bu ugurda degişli döwlet gulluklarynyň, edaralarynyň gözýetimini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 1-3-nji oktýabry aralygynda Halkara deňiz guramasynyň bilermenleri tarapyndan ýurdumyzda okuw geçirildi. Okuwyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «ýeke penjire» ulgamyny girizmegiň ugurlary, bu babatda ulanylýan halkara tejribeleri barada tanyşdyrmalar geçirildi. Ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň bu halkara konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýük daşaýan gämileriň deňiz portlaryna girip-çykma amallary, olara ýüklenilýän we olardan düşürilýän ýükleri resmileşdirmek amallary has-da ýeňilleşdirilip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirer.
Şeýle-de, Halkara deňiz guramasynyň 1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gol çekilen 1966-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ýük markasy hakynda Halkara konwensiýasynyň Teswirnamasyna ýurdumyzyň goşulmagy boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Suw ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde syýasy ykdysady durnuklylygy saklamaga, halkara gatnaşyklarynda ynanyşmaga, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge, halkara tejribeleri ornaşdyrmaga boýunça işler hem geçirildi.Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Merkezi Tirreniýa deňiz port dolandyryş edarasynyň (Port of Naples, Salerno and Casteliamare di Stabta) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Amirabad portunyň arasynda portlaryň doganlyk gatnaşyklary barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Deňiz söwda floty” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Aktau deňiz söwda porty” Paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň goşmaça girdejilerini artdyrmak, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksatly işler hem alnyp baryldy. Bularyň hatarynda “Çarlak” myhmanhanasynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmek we maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmak boýunça alnyp barylan zerur çäreleri görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidentimiziň Karary esasynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ-ň arasynda Göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini gurduryp satyn almak barada baglaşylan Şertnama laýyklykda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilelikde iki sany gury ýük gämileriň gurluşygyna başlandy.. Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň bilen bir hatarda koreý inženerleri tarapyndan ýerli hünärmenlere Koreýanyň gämi gurluşyk tehnologiýasy öwredilýär hem-de zawodda hil dolandyryş ulgamy kämilleşdirilýär. Bu taslama bilen bagly bolan ähli işler tamamlanýança howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak üçin gämi gurluşygynda ýokary derejede kabul edilen standartlar bilen amala aşyrylar.
“Ro-Ro” görnüşli 2 sany gämini gurujy kompaniýany saýlamak boýunça 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda halkara bäsleşigi yglan edilip, taslama boýunça degişli işler geçirilýär.
Işgärleriň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen, Howpsuzlygy dolandyrmak boýunça halkara kodeksi, gämileri we port desgalary goramak boýunça halkara kodeksi, porta girip çykýan gämileriň gözegçiligini halkara standarta laýyklykda amala aşyrmak boýunça, Halkara deňiz guramasynyň konwensiýalarynyň ýerine ýetirilişiniň tertibi boýunça, Deňizde gämilerden hapalanmagynyň öňüni almak barada halkara konwensiýasy boýunça, Ulanyşdaky gämileri barlamak boýunça, Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Sanly ykdysadyýet we marketing, Gämilerde energetiki desgalarynyň ulanylyşy, gämi gurluşygy, Ýangyn söndürijileriň özbaşdak taýýarlygy boýunça we beýleki ugurlarda jemi 200-den gowrak hünärmenler okadyldy. Şol sanda, “Kiberhowpsuzlyk” ugry boýunça 10 sany hünärmenler “Türkmen-Hindi” tehnologiki okuw merkezinde okuwy üstünlikli tamamlap, 1 sany hünärmen Ýewropada deňiz howpsuzlygy agentliginiň (EMSA) online okuwyny üstünlikli tamamlap, degişli şahadatnamalary aldylar.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi we garamagyndaky edara-kärhanalarynda sanly ulgam boýunça tehniki binýadyny pugtalandyrmak babatynda hem birnäçe işler alnyp barylyp, birnäçe hyzmatlara online töleg mümkinçilikleri hem girizildi.
Olardan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki ýerleşýän Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň okuw töleglerini web-saýtyň üsti bilen elektron görnüşinde töleg etmek üçin “Onlaýn töleg” ulgamy hem-de okuw mekdepde okadylýan gysga möhletli okuwlaryň, hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň resminamalaryny dalaşgärleriň okuw mekdebine gelmezden onlaýn görnüşinde tabşyrmaklary üçin “Resminamalary” tabşyrmak üçin taýýarlanan ulgamlary mysal getirmek bolar. Şeýle-de “Deňiz söwda floty” PJ-i tarapyndan içerki we halkara gatnawlary ýolagçylar üçin elektron petek satyn almak ýola goýulyp, içerki gatnawlar üçin onlaýn görnüşinde petek satyn almak işleri ýolagçylar tarapyndan amala aşyrylýar, “Çarlak” myhmanhanasynyň internet sahypasynyň üsti bilen otaglary bron etmek we elektron görnüşinde töleg etmek mümkinçiligi we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň internet sahypasynyň üsti bilen port tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlar boýunça sargytnamalar elektron görnüşinde kabul etmek işleri alnyp barylýar.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de garamagyndaky ähli edara-kärhanalaryň elektron web-saýty arkaly edaralaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary, ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalar mahabatlandyrylyp, habarlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
Şeýle hem, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi we garamagyndaky edara-kärhanalarynda sanly ulgam boýunça tehniki binýadyny pugtalandyrmak babatynda hem birnäçe işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde täze talabalaýyk serwer otagyny gurnamak boýunça birnäçe işler geçirilýär. Agentligiň garamgyndaky edara-kärhanalarynda serwer enjamyny gurnamak, we içki tory ornaşdyrmak boýunça işler dowam edilýär.
Bitaraplyk baýramynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda bolsa, 2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin 5 sany 4 gatly 300 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy dabaraly ulanmaga berildi..
Deňiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda we beýleki port nokatlarynda suwuň çuňluk derejesini talabalaýyk saklamak maksady bilen baglylykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «JULONG CSD 550» kysymly “Seýran” atly läbik sorujysy «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hasabyna muzdsyz geçirildi. Häzirki wagtda bu läbik sorujynyň kömegi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gämi gatnaw kanalynda yzygiderli gazuw işleri alnyp barylýar.
Deňiz-derýa ýollary bilen birlikde ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki awtomobil, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly, howa, ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli amala aşyrylýar. Halk bähbitli, halkara ähmiýetli şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!