ULAG-LOGISTIKA STRATEGIÝASY

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz işler buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Bu işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Şolar bilen birlikde ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtomobil, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly, howa, ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda ulag toplumynyň, onuň ähli pudaklarynyň okgunly ösmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar işlenilip taýýarlanyldy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň iýunynda Kerkide Halkara howa menzili ulanylmaga berildi, iýul aýynda bolsa Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbi tutuldy. Munuň özi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan ulag-logistika merkezi hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Şeýle-de Milli Liderimiziň başlangyjy we tagallasy bilen, awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak esasynda, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmek babatda geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Bu babatda Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli geografik taýdan örän uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalar aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag-logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy. Bu ulgamlara dünýä ylmynyň gazanan üstünliklerini we häzirki döwrüň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasynda demir ýol, awtomobil, howa, deňiz hem-de derýa üpjünçilik desgalarynyň durky düýpli täzelenilýär. Dünýä belli kompaniýalaryň öndürýän ýolagçy awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa ulag ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulmagyna ýardam berýär. Garaşsyz Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bäsdeşlige ukyply ulag üpjünçilik ulgamyny emele getirmek üçin uly mümkinçilik döredýär.

Halk bähbitli, halkara ähmiýetli şeýle döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülzada AMANMYRADOWA

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy