«BAE AD Ports» port operatory «Inveco» bilen Gruziýanyň Tbilisi gury portundaky gözegçilik paýyny almak barada şertnama gol çekişendigini habar berdi.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenbaşy şäher Prokuraturasynynyň, Türkmenbaşy şäher Polisiýa bölüminiň, Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýaşlara ynam geljege gadam” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«Balkan» gämi gurlyşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýaynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň çäginde gämi gurluşyk pudagynda geljekki türkmen hünärmenleri saýlap almak boýunça täze tapgyr başlady.
Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni ýurduň DIM-niň edara binasynda Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Hosein Amir Abdollahiýan Eýranyň Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny premýer-ministrler derejesinde geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
TDH-nyň habaryna görä, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri M.Çakyýew hökümet ýygnagynda ýurtda ýol ulaglary pudagynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktoryň orunbasarynyň Niderlandlar patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Damen Shipyards Group kompaniýasynyň çakylygy esasynda, kompaniýanyň Gorinhem şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Önümçilik direktory Oliwer Markus şeýle hem Satuw boýunça regional direktory Mark Taýssen bilen duşuşyk geçirildi.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň Baş direktorynyň orunbasarynyň Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäginde, deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini, läbik sorujylary öňdebaryjy öndürijisi bolan De Klop B.V.-iň paýdarlary bilen netijeli ýygnak geçirdi.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna eden iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar. Bu möhüm waka, Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň ösüşinde täze tapgyr bolýar.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäginde möhüm waka bolup geçdi: koreý hyzmatdaşlar türkmen tarapyna gämi gurluşyk pudagynda özleriniň «nou-hau» tejribelerini öwretdiler.
2024-nji ýylyň 28-nji martynda “Çarlak” myhmanhanasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hem-de Türkmenbaşy şäher polisa bölüminiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ISO şahadatnamasyny almaga taýýynlanmagy, bu diňe bir kärhana üçin däl, eýsem ýurdumyz üçin möhüm waka öwrüler. Bu bolsa öz gezeginde, zawodyň halkara gämi gurluşyk jemgyýetine ornaşmagyna uly ädim bolup, hödürlenýän hyzmatlaryň iň ýokary hilini tassyklar.
27-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi.
Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda sişenbe güni Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
27-nji martda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi.
“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli “Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti täze önümleri, ýagny kakadylan miweleri öndürip başlady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda 2024-nji ýylyň 25-nji martynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň “Türkmenistan howa ýollary” milli howa gatnawynyň Türkiýedäki wekilhanasynyň resmi web sahypasy açyldy.