14 Noý 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze — 2027-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna ibermek ýaly möhüm meselelere seredildi. Şeýle hem mejlisde Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek, oba hojalygynda möwsümleýin işleri agrotehniki kadalara laýyk alyp barmak, Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günlerini we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 35 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek baradaky hasabatlar diňlenildi.