Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 02-nji awgustynda gol çeken 6811 belgili kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Bahry-Hazar köçesiniň ugrunda 2,5 ga meýdanda, 12 (on iki) gatdan ybarat bolan myhmanhanasynyň gurluşygyna başlanylyp, desganyň gurluşygy tamamlanyp, 2009-njy ýylyň 16-njy iýunynda “Çarlak” myhmanhanasy dabaraly ýagdaýda açyldy we halka hyzmata başlady.
5 ýyldyzly “Çarlak” myhmanhanasy 140 orunlyk, 80 (segsen) otagdan ybarat bolup, 20 sanysy 1 adamlyk otaglar, 40 sany 2 adamlyk otaglar, 20 sany hem lýuks otaglarydyr.
Myhmanhananyň ähli otaglarynda telewizorlar, Wi-fi hyzmaty, saç guratma enjamy, gyşky-tomusky howa sazlaýjy we telefon bilen doly üpjün edilendir.
Myhmanhanada ýygnaklar we iş maslahatlary geçirmek üçin 90 orunlyk mejlisler (konferens) zaly bar.
Şeýle-de sauna, owkalaýjy otagy, türgenleşik otagy, lukman otagy, kinoteatr, lobby bar ýaly hyzmatlar bilen myhmanhanada dynç aljak myhmanlaryň göwnünden turup, dynç alyşlaryny has-da ýokarlandyrar.
“Çarlak” myhmanhanasynyň resmi web sahypasy