«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň umumy meýdany 166. 000 inedördül metre barabar bolup, zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10.000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 sany gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan başga-da bu önümçilik desgasynda ýylda 2.000 tonna polady işlemek arkaly ýylda 20-30 sany gämide abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bardyr. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergi işleri doly tamamlanan gämileri suwa düşürmek we abatlamak maksady bilen suwdan galdyrmak üçin 10.000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnalandyr. Gämini sinhroliftde galdyrmagyň maksimal ölçegleri – uzynlygy - 155 m, ini-22 m, suwa çümüjiligi - 5,5 m. Gämi duralgalaryň ölçegleri günbatar tarapyndan uzynlygy 280 m , günorta tarapyndan 291 m. Portuň we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň akwatoriýasynda gämi duralgasynyň ortaça çuňlugy 9 m bolup durýar. Port we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tebigy aýlagda ýerleşenligi sebäpli, uly tolkunlar emele gelmeýär. Desgada gurnalan 84, 64, 42 tonna ýük göterijilikli portal kranlary relslerde hereket edýär we dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylýar.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň esasy maksady gämi gurmakdan we gämi abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Şol bir wagtyň dowamynda gämi gurluşyk we abatlaýyş işlerini aýratynlykda hem alyp baryp bilýar. Gämi gurluşygyň proseslerine gämi gurluşygynyň ähli işleri girip, materiallary kabul etmekden başlanyp, öňünden işläp taýýarlama, gurnama we gämini suwa düşürme işlerine çenli içine alýar.
1941-nji ýylyň noýabr aýynda “Taganrog gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” we “Rostow gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody «Красный Маяк» ewakuirlenen bazasynda “Krasnowodsk deňiz portunyň” garamagynda “Frunze adyndaky Krasnowodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” Kaspiý gury ýük gämi gatnawlary (КАСПАР) esaslandyryldy.
Meýdany 1,78 gektara barabar bolan Zawod, “KASPARa” degişli bolan “Reni” görnüşindäki özi hereket etmeýän suwuk ýükleri daşaýan gämisinde ýeňil we nawigasion abatlaýyşyny, Portuň kömekçi flotunyň 300 a.g. kuwwatlykdaky tirkeg gämileriniň orta we ýeňil abatlaýyş işleri, “Türkmenbalyk” trestine degişli bolan balykçy flotunyň gämileriniň orta we ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi.
Wagtyň geçmegi bilen, 1976-njy ýylda “Frunze adyndaky Krasnowodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” önümçilik kuwwatlylygy boýunça alnyp barylan hasaplamalara laýyklykda enjamlarynyň we tehniki üpjünçiliginiň täzelenmesine zerurlyk ýüze çykdy.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, döwrebap deňiz söwda flotunyň döremegi boýunça Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň dünýä derejesindäki milli suw ulag ulgamy boýunça döwrebap tankerleri, Ro-Pax görnüşdäki paromlary, port tirkeg gämileri, ýokary tizlikli ýolagçy gämileri bilen üpjün edilip, şonuň bilen bilelikde döwrebap gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň zerurlygy ýüze çykaryldy. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňiz söwda flotuny täze gämileri bilen üpjün etmekde, ýerli we daşary ýurt gämileriniň abatlaýyş işlerini geçirmekde, Türkmenistanda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş işleriniň dünýä derejesinde ösmekligi boýunça işler geçirildi.
Bu babatda, 2014-nji ýylda «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen “Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp toplumlaýyn gurluşygynyň “Doly taýýar edip tabşyrmak” görnüşli şertnama baglanşyldy we portuň düzümindäki täze döwrebap tehnologiýaly we tehniki-enjamly gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody guruldy. 2018-nji ýylyň maý aýynda täze Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşy geçirildi.
Russiýanyň gämi gatnaw boýunça deňiz registrinden alnan;
1 – Kebşirlemäniň tehnologiki prosesini makullama şahadatnamasy;
2 – Edaranyň gabara konstruksiýalaryna abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we gabaranyň hem-de gabara konstruksiýalaryna boýag işlerini geçirmek üçin laýyklyk şahadatnamasy.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 1160 adama çenli iş ýeri göz öňünde tutulan. Häzirki wagtda hünärmenleriň sertifikatlaşdyrylmagy we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň özüniň hem sertifikatlaşdyrma işleri alnyp barylýar. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri tarapyndan SAW, GTAW, TIG görnüşli kebşirleýiş işleri we II derejeli bozulmaýan barlag boýunça ygtyýarnamalar alyndy.
«Balkan» GGAZ» AGPJ açylany bäri ýerli we daşary ýurt gämileriň düýpli, ortaça we ýeňil abatlaýyş işleri boýunça öz güýjünde işler ýerine ýetirildi. Şu güne çenli 6 sany ýerli gämileriň we 3 sany daşary ýurt gämileriň düýpli abatlaýyş işleri, 20 sany ýerli gämileriň we 4 sany daşary ýurt gämileriň ortaça abatlaýyş işleri we 23 sany ýerli gämileriň ýeňil abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.
Gol çekilen resminamalar:
- 2019-njy ýylyň 11-nji awgustda “Ak Bars” Birleşen önümçilik korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi (Tatarstan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy);
- 2020-njy ýylyň 27-nji maýynda “Derya Group Mekanik Inşaat Taahhüt Tersane San. ve Tic. A. Ş.” Kompaniýasy bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi (Türkiýe Respublikasy).
Baglanyşmak üçin meýilleşdirilýän resminamalar:
- 2020-nji ýylda “Birleşen Gämi gurluşyk Korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär (Russiýa Federasiýasy);
- 2020-nji ýylda Deňiz enjamlary boýunça Koreýanyň seljeriş instituty bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär (Günorta Koreýa).
Ýolagçy gatnaw gämileri, gury ýük gämileri, konteýner daşaýan gämileri, läbik sorujy gämileri, üpjünçilik gämileri, nebit daşaýjy tankerleri we ş.m dürli görnüşli gämileri bilelikde gurmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt gämi gurluşyk zawodlary bilen gürrüňdeşlikler alnyp barylýar.
Telefon: + (993 243) 4-94-41
Faks: + (993 243) 4-95-42
E-poçta: info@balkanshipyard.com.tm
"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasy