Türkmen deňiz söwda floty müdirligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýyldaky karary esasynda döredilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynyň 27-ne №I4I79 belgili karary esasynda Türkmen deňiz söwda floty müdürliginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, “Derýaýollary” önümçilik birleşigi, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary bolup durýar.
Jemgyýetiň esasy ýörelgeleriniň biri daşary ýurtlara özüne degişli bolan gämiler bilen nebit we nebit önümlerini daşamak bilen çäklenmän, Jemgyýete degişli bolan ýük awtoulaglaryny daşaýan we ýolagçylary gatnadýan gämiler bilen halkara gatnawlary amala aşyrýar.
"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasy