Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň alyp barýan parasaty syýasatynyň netijesinde, häzirki wagtda ýurdymyzda Deňiz we derýa ulaglary pudagyna uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky 13718 belgili “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek hakynda” karary esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi döredildi.
Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi deňiz ugruna we beýleki halk hojalyk pudaklaryna degişli dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:
Okuw mekdebinde internet ulgamyna birikdirilen dünýä ülňelerine gabat gelýän kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, görkezme esbaplar bilen üpjün edilen okuw otaglary bar. Okuw mekdebinde ýörite okuw-maksatnamalary boýunça umumy, amaly, tejribe sapaklary okadylýar. Türkmenbaşy halkara Deňiz porty talyplaryň alan nazary bilimlerini, tejribelikde öwrenmäge uly mümkinçilik döredilýär. Ýörite ugurlar boýunça talyplar toparyna Deňiz portuna okuw-tejribe sapaklary gurnalýar.
Şeýle hem okuwyň çäginde ähli talaplara laýyk gelýän umumy ýaşaýyş jaýy, naharhana, futbol – woleýbol meýdançalary we türgenleşik otagy ýerleşýär.
Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň resmi web sahypasy