Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşip, Türkmenistanda baýry okuw jaýlarynyň biri bolmak bilen uzak ýyllaryň dowamynda deňiz we derýa ugurlary boýunça gämi sürüjilik, olarda degişli gullugy alyp barmak (gämi sürüji, matros, motorist, gämi aşpezi, şturman, mehanik, elektromehanik, tehnik, maşinist we ş.m.) we olarda abatlaýyş işlerini geçirmek (gämi gabarasyny bejeriji, kebşirleýji, tokar, slesar, agaç ussasy we ş.m.) ýaly hünär ugurlaryndan ýurdumyzyň halk hojalygyna orta hünär we başlangyç hünär bilimli hünärmenleri taýynlap geldi.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň tutýan umumy meýdany 8080 m 2 bolup, ol iki sany iki gatly okuw binasyndan, 180 orunlyk iki gatly umumy ýaşaýyş jaýyndan, 100 orunlyk naharhanadan, 70 orunlyk mejlisler zalyndan we sport zalyndan ybaratdyr. Mekdep 800 orunlyk talyba niýetlenen bolup, onda 38 sany okuw otagy, suw ulgamy we beýleki pudaklar üçin ýöriteleşdirilen 4 sany önümçilik ussahanasy (dizel laboratoriýasy, RLS we nawigasiýa okuw otagy, agaç ussahanasy, tokarçylyk ussahanasy, slesarçylyk ussahanasy, konditer sehi, himiki seljerişhana we demirçilik ussahanasy) we 2 sany kompýuter otagy häzirki zaman kompýuterleri bilen enjamlaşdyrylan.

Berkarar döwletiň – bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli edýän aladalaryny we ýurdumyzy ösen tehnologiýalar bilen üpjün etmegi bilen baglanyşykly Hazar deňzinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň derýalarynda we içerki suwlarynda, Türkmeniň Altyn Asyr kölünde suwda ýüzüş we hereket ediş desgalarynda işlemek üçin orta tehniki bilimli hünärmenleriň zerurlygynyň ýüze çykmagy, şeýle-de geljekde Türkmenbaşy şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara portuň we “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň bölümlerinde, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda köp ugurly hünärler boýunça orta hünär bilimli hünärmenleriň zerurlygy nazara alnyp, mekdepde 2,5 ýyl möhletli aşakdaky hünärler boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň orta hünär bölüminde şu günki günde 893 talyp, başlangyç hünär bölüminde 60-dan gowrak talyp bilim alýar. Mekdebiň başlangyç hünär bilimi şu aşakdaky ugurlar boýunça 10 aýlyk we 1,5 ýyllyk , hem-de 3 aýlyk gysga möhletli okuwlary alyp barýar:

  1. Gämi şturmany mehanigiň kömekçisi
  2. Gämi elektromehanigi
  3. Kebşirleýji (elektrokebşirleme we gazkebşirleme işleri)
  4. Elektromontýor
  5. Aragatnaşygyň operatory
  6. Nebiti we gazy ýygnaýjy we akdyrmaga taýýarlaýjy operator
  7. Resminama dolanşygy, informasiýa we guramaçylyk işi
  8. Himiki-bakteriologiki derňewiň laboranty
  9. Aşpez-konditer
  10. Buhgalterçilik işi
  11. Gidromeliorator

Gysga möhletli hünär ugurlary:

  1. Aşpez
  2. Rulçy-motorçy
  3. Kiçi göwrümli gämileri sürüji
  4. Läbik sorujynyň maşinisti (elektrik enjamlary ulanmak hukukly)
  5. Läbik sorujynyň maşinisti
  6. Matros-motorçy
  7. Kompýuteriň operatory
  8. Kebşirleýji
  9. Gaz paýlaýjy stansiýanyň operatory

Mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýynyň esasy binasy 1932-nji ýylda gurlup, ol 180 talyp ýaşamaklyga niýetlenen. Umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň ýaşamagy, dynç almagy we gerekli çäreleri geçirmegi üçin degişli şertler döredilen.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň resmi web-sahypasy