1923-nji ýylda Türkmenabatda (öňki Çärjewde) Orta Aziýa Parahodçylygy döredilen. Parahodçylygyň gämileri suw ýoly arkaly Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň 10 welaýatynyň arasynda 1,5–2,0 müň. km aralygynda halk hojalyk ýüklerini gatnadan.
1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenderýa Parahodçylygy döredilýär, soňra 1998-nji ýylda “Türkmenderýaýollary” müdirligi diýip ady üýtgedilýär. 2003-nji ýylda “Türkmendeňizderýaýollary” müdirliginiň tabynlygynda “Derýaýollary” önümçilik birleşigi diýip atlandyryldy. Häzirki wagtda ol “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diýlip atlandyrylýar.
“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasy