2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) resmi taýdan başlyklyk edýär. Bu waka ýurdumyzyň halkara meýdançasyndaky abraýynyň barha artýandygynyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň nobatdaky üstünliginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň başlyklyk etmegi Arkalaşygyň çäginde dostlukly gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy täze şertlerde pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Aşgabadyň GDA-da başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we sanly ykdysadyýete geçişi çaltlandyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar. Şeýle hem ekologiýa meselelerine we howanyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmäge uly üns berilýär. Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi gazanmak üçin netijeli hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny hödürleýär.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bu döwürde aýratyn orna eýedir. Arkalaşyga agza döwletleriň halklarynyň taryhy we medeni baglanyşyklaryny berkitmek maksady bilen, dürli döredijilik maslahatlary we ýaşlar forumlary meýilleşdirilýär. Netijede, Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky başlyklygy GDA-nyň ösüşine täze itergi berip, parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge uly goşant bolar.
Orazbagt ATAÝEWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.