Döwlet gurluşynyñ möhüm düzümleriniñ biri hökmünde Halk Maslahaty Türkmenistanyñ jemgyýetçilik-syýasy ulgamynda aýratyn orny eýeleýär. Ol diñe bir wekilçilikli häkimiýet edarasy hökmünde çykyş etmän, eýsem, döwlet bilen jemgyýetiñ arasyndaky strategik gatnaşyklaryñ üpjün edilmegine hem hyzmat edýär. Şonuñ üçin-de, Halk Maslahatynyñ mazmuny baradaky ylmy düşünje onuñ taryhy ösüşi, hukuk derejesi, gurluşy we jemgyýetdäki ähmiýeti bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyñ Konstitusiýasy Halk Maslahatynyñ hukuk esasyny döredýär. Ol milli döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda, ýurdumyzyñ iñ ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde kesgitlenendir. Taryhy taýdan seredilende türkmen jemgyýetinde geňeş etmek däbi köklerini gadymy döwürler, il içinde giñden ýaýran geñeşmek, maslahatlaşmak, ýaşulular bilen pikir alyşmak ýaly däplere uzaýar. Hut şol taryhy we milli ýörelgeler häzirki döwürde Halk Maslahatynyñ hukuk taýdan berkidilmeginiñ esasy ideologik çeşmesini emele getirýär.
Halk Maslahatynyñ düzüminde döwlet häkimiýetiniñ ýokary derejeli wekilleri bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalaryñ agzalary, jemgyýetde abraýly şahslar, şeyle hem ylmy-intellektual gatlagyñ wekilleri gatnaşýarlar. Bu ýagdaý onuñ diñe bir dolandyryş häsiýetli edaradan ybarat däldigini, eýsem, jemgyýetiñ dürli gatlaklarynyñ pikirleriniň utgaşdyrylan meýdançasydygyny görkezýär.
Halk Maslahatynyñ mazmuny onuñ ýerine ýetirýän birnäçe möhüm çärelerinde jemlenýär:
1.Strategik çözgütleriñ kabul edilmegi ýurduñ syýasy, ykdysady we durmuş ösüşiniñ möhüm ugurlaryny kesgitlemek.
2.Kanun çykaryjy ulgamyń işine täsir edýän teklipleriñ orta atylmagy.
3.Jemgyýetçilik dialogynyń ýagny döwlet bilen raýatlaryñ arasynda gatnaşyklaryñ açyk görnüşde guralmagy.
4.Milli ýörelgeleri saklamak, geñeşmek we maslahatlaşmak däplerini döwrebap derejede dowam etdirmek.
Bu aýratynlyklar Halk Maslahatyny döwlet edarasy hökmünde häsiýetlendirýär. Halk Maslahaty Türkmenistanyñ döwrebap döwlet gurluşynda jemgyýetiñ syýasy we medeni ösüşiniñ möhüm ideologik binýady bolup çykyş edýär. Onuñ mazmuny diñe döwlet syýasatynyñ ýörelgelerini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetde syýasy hyzmatdaşlygyñ, milli birlik we döwlet halk gatnaşyklarynyñ berkemeginiñ möhüm guraly hökmünde hem ähmiýetlidir.
Akmyradowa Aýperi, Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ II ýyl talyby.