BÜTINDÜNÝÄ DURNUKLY ULAG GÜNI

Her ýylyň 26-njy noýabrynda halkara jemgyýeti tarapyndan Bütindünýä Durnukly Ulag Güni bellenilýär. Bu möhüm sene dünýä jemgyýetçiligine howpsuz, elýeterli, ykdysady taýdan amatly we durnukly ulag ulgamlarynyň ykdysady ösüşi goldamakda, jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmakda hem-de howanyň üýtgemegi bilen göreşmekde aýratyn ähmiýetli çäredir.

Bu günüň bellenilip geçilmegi barada karar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, guramanyň 67 agza döwletleriniň biragyzdan goldanmagy bilen kabul edildi.

26-njy noýabr senesi tötänden saýlanmady. Bu gün 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen ilkinji Bütindünýä Durnukly Ulag boýunça Global Maslahatynyň senesi bilen baglanyşyklydyr. Şol günüň bellenilmegi arkaly Birleşen Milletler Guramasy, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmekde hem-de sebit we halkara derejede durnukly aragatnaşyklary berkitmekde görkezýän ygrarlylygyna ýokary baha berdi.

Durnukly ulag Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde möhüm ugur bolup çykyş edýär. Ol esasan howanyň üýtgemegi bilen göreşmek, garyplygy azaltmak we inklýuziw, deňhukukly jemgyýet döretmek boýunça çäreleri güýçlendirmäge ýardam berýär.

Bütindünýä Durnukly Ulag Gününiň esasy ugurlary:

Ekologiýa taýdan jogapkärçilik

Pes zyňyndyly we energiýa tygşytlaýjy ulag serişdelerini ösdürmek arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hem-de howanyň hapalanmagyny azaltmak. Şonuň bilen bir hatarda elektrik ulaglaryna, wodorod ýangyjyna we netijeli jemgyýetçilik ulagyna geçmek boýunça tagallalary güýçlendirmek.

Umumy elýeterlilik

Ulag ulgamlarynyň ähli adamlara, şol sanda uzak sebitleriň ýaşaýjylaryna we maýyp raýatlardyr mümkinçilikleri çäklendirilen adamlara elýeter bolmagyny üpjün etmek arkaly jemgyýetde deňhukuklylygy berkitmek.

Howpsuzlyk we netijelilik

Ýol-ulag howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, ýol heläkçilikleriniň sanyny hem-de şikeslenmeleri azaltmak bilen birlikde, awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglarynyň özara netijeli utgaşygyny üpjün etmek.

4. Infrastruktura maýa goýum

Ýokary hilli, ygtybarly we durnukly ulag infrastrukturasyny ösdürmek arkaly ykdysady ösüşiň berk binýadyny döretmek.

Ulag ulgamy gündelik durmuşymyzyň ähli ugurlaryna täsir edýär. Ol harytlar we azyk serişdeleri daşamakda, adamlaryň işe, okuwa we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeter bolmagynda möhüm orun eýeleýär.

Şol bir wagtyň özünde, ulag pudagy birnäçe halkara meseleleriň hem çeşmesidir:

Howa üýtgemegine täsir: ulag pudagy dünýäniň CO₂ zyňyndylarynyň uly bölegini emele getirýär. Şonuň üçin bu pudagyň dekarbonizasiýasy Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekde möhüm şert bolup durýar.

Ýol howpsuzlygynyň krizisi: her ýyl ýol-ulag hadysalary köp sanly adam pidalaryna we şikeslenmelere sebäp bolýar, aýratynda pes girdejili döwletlere has kän täsir edýär.

Elýeterliligiň ýetmezçiligi: dünýä ilatynyň takmynan ýarysy jemgyýetçilik ulaglaryna amatly elýeterlikden mahrum bolup, bu ýagdaý ykdysady we durmuş mümkinçilikleriniň giňelmegine päsgelçilik döredýär.

Bütindünýä Durnukly Ulag Güni — dünýäniň ähli döwletleriniň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň wekillerine arassa, durnukly, we adalatly ulag ulgamyny döretmek ugrunda bilelikde hereket etmäge çagyryşdyr.

Bu senäniň bellenilmegi ulag diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň ösmeginde möhüm ädim bolup, halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de parahatçylykly ösüşiň möhüm nyşanydyr.

Aýperi AKMYRADOWA, Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ II ýyl talyby.