Ministerler Kabinetiniň yanyndaky Ulag we komunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň Balkan Welaýatyna sapary
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna bardy. Saparyň dowamynda Baş direktor “Balkan” zawodynyň alyp barýan işleri bilen ýerinde tanyşdy. Bu ýerde gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýär.