«Balkan» zawody halkara ülňülerine laýyk gelýär
2024-nji ýylyň 24-29-njy mart aralygynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa Respublikasynyň «Global Standarts» gözegçiligi astynda ISO şahadatnamalaryny almak üçin audit geçirdi. Bu bolsa geçirilen üstünlikli barlaglaryň netijesinde 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde «Balkan» zawodyna ISO 9001:2015 hili dolandyrmagyň ulgamy, ISO 45001:2018 Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy we ISO 14001:2015 daşky gurşawy goramagyň dolandyryş ulgamy boýunça ISO şahadatnamalaryny alynmagynda ýardam berdi.