TSTB-niň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirmäge taýýarlyk görülýär
Türkmenistanda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.