2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni sport toplumynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlap “Parahatçylygyň we halkara ynanyşmagyň owazy” atly aýdym-sazly çäresi geçirildi.
Çärä “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de berkarar döwletimiziň buýsanjy bolan ýaş nesiller barada edýän aladalary, ýaşlara bildirýän uly ynamy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary uly ruhubelentige beslenip, çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.