Azerbaýjanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenbaşy şäherine geldi
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew anna güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.