Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Bakuwda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Bu barada “Tükrmenistan” gazeti habar berdi.