Türkmenistan Ýaponiýa dokma önümleriniň eksportyny artdyrmakçy
2025-nji ýylyň 30-njy awgusty – 3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.