Gyrgyzystan-Ýewropa ulag geçelgesi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üstünden geçer
Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda doly güýjünde işleýän Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Ýewropa Bileleşigi ulag geçelgesiniň möhüm bölegini emele getirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.