Yslamabatda geçirilen seminarda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde ulag we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň roly barada habar berildi
2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy Strategiki Ylmy-gözleg we Derňew Instituty (ISSRA) tarapyndan Milli Logistika Korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnalan “Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak” atly halkara seminara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly resmi saýtynda habar berilýär.