Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler
Şu ýyl Özbegistanda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler. Bu barada 19-njy fewralda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew karara gol çekdi.