Okuw maslahaty

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş  zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň mejlisler zalynda  “Zähmet kanunçylygymyz- ösüşlerimiziň binýady”  ady bilen okuw maslahaty geçirildi.

 Oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň  garamagyndaky edara-kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetiniň hukukçylary, işgärler bölümleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady bolup durýan  Işgärleriň iş derejelerini gowlandyrmakda, kanuny bähbitlerini goramakda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksini kanunalaýyk ulanmakda, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş taýdan zähmet hukuklaryny goramak boýunça müdiri T.Gurbanowa giň düşünje berdi.

Işgärleriň hukuklary we borçlary, Işgärleri dolandyrmakda we zähmet gatnaşyklaryndahukuk kadalarynyň we milli kanunçylygymyzyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hemIşgärleri dolandyrmakda we zähmet gatnaşyklaryndaýüze çykaýan dürlimeseleler boýunça sorag-jogap, tejribealşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşan wekiller işgärleriň berýän soraglarynadürli mysallaryň üsti bilen jogap berdiler. Bu bolsa işgärler üçin iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilik döretdi. Okuw maslahaty gyzykly, çekeleşikli hem täsirli geçdi.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi