Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan täze resminamalar toplumyna gol çekdiler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew anna güni Awazada üçtaraplaýyn formatyndaky duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça ulag, awiasiýa hem-de söwda ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.