Türkmenistan TDG-niň elektron rugsat ulgamyna goşular
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) elektron rugsat beriş ulgamyna gatnaşyjy bolmaga taýynlanýar, bu bolsa türki döwletleriň arasyndaky sebit integrasiýasynyň çuňlaşmagyna goşant goşar. Bu barada TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew guramanyň agza ýurtlarynyň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisinde aýtdy diýip, https://tca.gov.tm/ habar berdi.