Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördü
Şu ýylyň 4-8 awgusty aralygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin BMG-niň Üçünji Maslahatynyň çäginde, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çäreler bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministri Nurlan Sauranbaýew 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna saparda boldy.